Türk Tarihi ve Kültür Araştırmaları

Bılge Han Türkmen

2 7.226

Jumadurdy ANNAOAZOW

Taryh Ylymlarynyň Kandidaty

(Göktürkmenleriň döwletiniň ösen döwri barada)

Göktürkmenleriň döwleti öz döwründe, diňe bir Aziýada däl, eýsem bütin dünýäde hem iň kuwwatly döwletleriň biri bolupdyr. Aslyýetinde, bu döwletiň kemala gelen döwri bolan VI asyrda Ýer ýüzünde sanaýmaly uly döwletler bardy. Olar Göktürkmenleriň döwleti, Hytaý, Sasany we Wizantiýa imperiýalarydy. Şu döwletler bilen Göktürkmenleriň döwleti ysnaşykly söwda-ykdysady we syýasy gatnaşyklary alyp barypdyr. Ýöne döwletara gatnaşyklary üçin häsiýetli bolan bähbitler ugrundaky özara göreşler hem häli-şindi ýüze çykyp durupdyr. Üstesine-de, bu döwletleriň içinde dürli syýasy toparlaryň arasynda häkimiýet ugrunda ýiti bäsleşikler we oňşuksyzlyklar hem dowam edipdir. VII asyryň başlarynda häkimiýet ugrundaky göreşleriň netijesinde Göktürkmenleriň döwleti bütinleý gowşaýar we ol 604-nji ýylda Gündogar Göktürkmen hem-de Günbatar Göktürkmen döwletlerine bölünýär. 630-njy ýylda bolsa Göktürkmenleriň döwletiniň gündogar bölegi Hytaýda häkimiýet başyna gelen Tan nesilşalygynyň (618-907) ýäpjasyna öwrülýär. Hytaýyň golastyna düşen göktürkmenler garaşsyz döwleti dikeltmek üçin birnäçe gezek synanyşyk edipdirler. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly şowsuz tamamlanypdyr.

VII asyryň 80-nji ýyllarynda uzaga çeken göreşlerden soň göktürkmenler öz garaşsyzlygyny dikeltmegi başarýarlar. VIII asyryň başlarynda bolsa bu ýurt ýene-de kuwwatly döwlete öwrülýär. Göktürkmenleriň döwleti Bilge hanyň (716-734) döwründe has hem gülläp ösüpdir.

630-680-nji ýyllarda göktürkmenler Hytaý döwletiniň ýapjasy bolup, kyn günleri başdan geçiripdirler. Şonuň üçin hem 679-njy ýylda göktürkmenler Tan imperiýasyna garşy uly gozgalaň turuzýarlar. Bu gozgalaňa belli hanlar we begler baştutanlyk edipdirler. Emma Hytaý goşunlary 681-nji ýylda gozgalaňçylary derbi-dagyn edipdirler. Gozgalaňyň ýolbaşçylary bolsa Hytaýa äkidilip öldürilipdir. Ýöne munuň bilen gozgalaň ýatmandyr. Wepat bolan serkerdeleriň ornuna täzeleri döräpdir. Gozgalaňyň sebäpleri barada Hytaý çeşmelerinde hiç zat aýdylmaýar. Ýöne, göktürkmenleriň öz taryhy bu gozgalaňyň sebäbini düşündiripdir. Bu barada meşhur göktürkmen serkerdesi Költeginiň (hytaýça Kýue-dele) mazar daşynda şeýle setirler getirilýär: «Tabgaç budunyna (Hytaý halkyna) beglik ugry ogluň gul boldy, silik (arassa) gyz ogluň güň (gyrnak) boldy». Ýa-da «Ellig ýyl işik – güýjük bermiş» – diýip, göktürkmenleriň Hytaý imperatorlary üçin 50 ýyllap (630-680) iş-güýç sarp edendikleri beýan edilipdir. Diýmek, gozgalaňyň baş sebäbi keseki agalygyndan dynmak bolupdyr.

682-nji ýylda göktürkmenleriň han neslinden bolan Gutlug han (Hytaý çeşmelerinde «Gudulu») ähli gozgalaňçylary bir ýere jemläp aýgytly hereketlere girişýär. Tan goşunlaryna garşy uruşlarda yzly-yzyna ýeňiş gazanyp, ol Göktürkmenleriň döwletini dikeldýär. Gutlug han şindi Mugan han (553-572) döwründe Göktürkmenleriň döwletiniň düzümine giren ähli ýerleri gaýtadan birikdirmäge çalşypdyr. Şonuň üçin hem Gutlug han göktürkmenelriň taryhynda Ilteriş han, («Ili bir ýere ýygnaýan, jemleýän» – diýen manyda) ady bilen bellidir. Gysga döwrüň içinde Gutlug han berk döwlet düzgünini girizipdir. Gutlug han inilerinden Möçüre (hytaý çeşmelerinde Moçžo) «şat» unwanyny berip, ony döwletiň Gündogar ganatynyň häkimi, Düzel bege (hytaý çeşmelerinde Dusifu) bolsa «ýabgu» derejesini berip, ony Günbatar ganata häkim edip belläpdir. Hytaý bilimini alan adamlary, hususanda, göktürkmenleriň taryhynda uly işleri bitiren wezir Toňýukugy öz ýanyna çekipdir. Gutlug hanyň Toňýukugy öz tarapyna çekmeginiň sebäbi, ol garşydaş tarapyň gowşak we artykmaç taraplaryny gowy bilipdir. Toňýukuga Gutlug han «Boýla baga tarhan» (Döwlet maslahatçysy ýa-da wezir) wezipesini beripdir.

682-683-nji ýyllaryň uruş hereketlerinde Gutlug han bütin Beýik Hytaý diwarlarynyň ugrundaky berkitmeleri derbi-dagyn edipdir. Şeýleleikde, Gutlug Ilteriş hana ýykylan Göktürkmen döwletini dikeltmek we kuwwatly döwleti döretmek başardypdyr. Ol 693-nji ýylda aradan çykypdyr. Hanlyga Gutlugyň inisi Moçür göterilipdir. Dyzmaçlygy we ýowuzlygy üçin ony Gapagan han diýip atlandyrypdyrlar. Gapagan hanyň (693-716) döwründe-de Göktürkmenleriň döwleti ulalypdyr. Ýöne, Gapagan han aňyrdan gelýän  köp däpleri bozupdyr. Öňler häkimiyet däp boýunça agasyndan – inisine, ondanam ýene-de agasynyň uly ogluna geçýär eken. Gapagan han hem hanlygy öz agasy Gutlugdan miras alypdyr. Şonuň üçin hem geljekde hanlyk Gapagandan Gutlugyň uly ogly Mogulýan hana (geljekki Bilge han) geçmelidi. Emma Gapagan han «Kiçi han» unwanyny döredip, ony öz ogluna wesýet edipdir. Tagtyň hakyky mirasdary Mogulýany bolsa tarduşlaryň häkimi (şat) edip ugradypdyr.

Parasatly Toňýunuk Gapagan hanyň döwründe-de baş weziriň wezipesini saklap galypdyr. Ol öz gyzyny tagtyň hakyky mirasdary Mogulýana gelin edip beripdir. 703-nji ýyla çenli Gapagan han döwleti berkidipdir. Hytaý bilen parahatçylykly şertnama baglaşypdyr. Ýöne bu şertnamadan Tan patyşasy peýdalanmagy başarypdyr. Göktürkmenleriň döwleti babatynda inçe syýasat ýöredip, ol göktürkmenleriň ýapjalaryny  öz tarapyna çekipdir. Netijede, göktürkmenler bilen garyndaş bolan uýgurlar, türgeşler, gyrgyzlar döwletden bölünip, Hytaýyň raýatlaryna öwrülipdirler. Tan patyşasynyň bu hereketleri Gapagan hany gazaplandyrypdyr we 706-njy ýylda goşunlaryny Hytaýyň demirgazygyna sürüpdir. Huanhe derýasynyň boýundaky Minşa şäheriniň ýanynda bolan söweşde göktürkmenler uly ýeňiş gazanypdyrlar. Söweşde Gutlug hanyň ogullary Mogilýan şat bilen Költegin aýratyn tapawutlanypdyrlar.

708-nji ýylda tanlara garşy uruş hereketleri gaýtadan başlapdyr. Ýöne olar hem dek ýatmandyr. Göktürkmenleriň garşysyna olaryň raýatlaryny küşgüripdirler,  şol sebäpden hem Gapagan han özüniň «kakabaş» raýatlaryny «toba getirmegi» ýüregine düwýär. 709-njy ýylda Gapagan han inisi Mogilýan şady Ýeniseý derýasynyň ýokary akymynda ýaşaýan halklary boýun egdirmäge ýollapdyr we ol ýerler Göktürkmenleriň döwletine gaýtadan goşulypdyr. Şol döwürler Mogilýan şat Tuwanyň ýerlerini hem boýun egdiripdir. Ýöne, gyrgyzlary boýun egdirmek ýaş serkerdä ( onuň bary-ýogy 26 ýaşy bardy ) başartmandyr. Şonuň üçin hem parasatly Toňýukuk Gapagan hana gyrgyzlara garşy ýöriş geçirmegi maslahat berýär.

 Gyrgyzlary boýun egdirmek kyn mesele bolupdyr. Çünki gyrgyzlaryň ýurduna aralaşmak üçin geçmesi kyn, üsti garly Saýan gerşinden geçmelidi. 709-njy ýylyň ýazynda göktürkmenleriň goşunlary Saýan gerşinden geçipdirler we Gapagan hanyň, Mogilýan şadyň, Költeginiň serkerdeligindäki goşunlar gyrgyzlary boýun egdiripdirler we olaryň ýerleri ýene-de döwletiň düzümine goşulypdyr. Gyrgyzlara garşy uruş ýyldyrym çaltlygynda bolup geçipdir. Sebäbi islendik pursat olara türgeşleriň we tanlaryň kömege gelmegi mümkindi. Gyrgyzlara garşy alnyp barlan  urşy soňra Mogilýan şadyň ( Bilge hanyň ) ogly Ýolly Tegin şeýle beýan edipdir: «Biz olaryň hany bilen Sunga jülgesinde söweşdik. Költegin baýyrkularyň Ak atyna atlanyp hüjüme geçdi. Bir kişini peýkam bilen serreltdi, iki kişini naýza bilen öldürdi… Şol hüjümde ol atynyň aýagyny döwdürdi. Gyrgyz hanyny öldürdik, ýurdunam aldyk». Bu söweş barada Tonýukugam öz mazar daşynda şeýle setirler galdyrypdyr: «Olaryň hanyny öldürdik. Gyrgyz halky hanymyza ýapja boldy we oňa boýun egdi».

Bu wakadan soň Gapagan han türgeşleri boýun egdirmegi ýüregine düwýär. Ýöne edil şol wagtlar hanyň aýaly ýogalypdyr. Ol aýalyny jaýlamak üçin  Ordada galypdyr. 20 müň atlyny ogly Iner hanyň we inisi Mogilýan şadyň ygtyýaryna berip, olary türgeşleriň üstüne iberipdir, serkerdelere maslahatçy edibem Toňýukugy belläpdir. 710-njy ýylda Iner han bilen Mogilýan şat Toňýukugyň maslahat bermegi bilen türgeşleriň üstüne okgunly çozuşlary geçiripdirler we Bolçy-oguz derýasynyň boýunda bolan söweşde olaryň goşunyny derbi-dagyn edipdirler. Turgeş hany Soge ýesir düşüpdir. 710-njy ýylyň uruş hereketlerniň netijesi boýunça göktürkmenleriň goşunlary tä Buzgala çenli ýerleri eýelemegi başarypdyr.

Şol döwürler Hytaý hem şowsuzlyk üstüne şowsuzlyga uçurapdyr. 712-nji ýylda 120 müňlük  Hytaý göşuny göktürkmeleriň ýapjasy bolan tatab hanyndan uly ýeňlişe sezewar bolupdyr. Bu pursatdan Gapagan han peýdalanypdyr we Tan imperatoryndan parahatçylyk we garyndaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagyny talap edipdir. Hytaý hökümeti boýun synmaga mejbur bolupdyr we 714-nji ýylda Gapagan hana patyşa gyzlarynyň biri gelin edilip berlipdir.

Gapagan han tebigaty boýunça gaýduwsyz we gazaply han bolupdyr. Ýöne, muňa garamazdan, ol ýaramaz syýasatçy eken. Göktürkmenleriň döwletiniň ýerlerini giňelden-de  bolsa, ol özüniň raýatlaryny we ýapjalaryny rehimsiz ezipdir. Şonuň üçin hem döwletiň düzümindäki köp halklar Gapagan hana garşy gozgalaň turuzyp başlapdyrlar. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Gapagan han garradygyça gazaplanypdyr we ýowuz hereketlere ýüz urupdyr. Ýapjalar yzly-yzyna döwletden bölünip hytaý raýatlygyna geçipdirler. Gapagan han bolsa olary rehimsizlik bilen gyrypdyr.

716-njy ýylda Gapagan han gozgalaň turzan baýyrku halkynyň üstüne goşun çekipdir we olary derbi-dagyn edipdir. Bu ýorişden soň Gapagan han ýanyna «börülerini «( janpenalaryny) alman ýeke özi yzyna gaýdypdyr. Uly tokaýyň gyrasyndan geçýän ýol bilen bir özi gelýän Gapagan hanyň öňünden derbi-dagyn edilen baýyrkularyň topary duýdansyz çykypdyr we deň bolmadyk söweşde Gapagan han öldürilipdir.

Emele gelen ýagdaýa iki dogan – Mogilýan şat we Költegin gowy düşünipdirler. Ençeme uruşlaryň ýeňijisi Költegin Gapagan hanyň hanlyga hukugy bolmadyk ogluny – «Kiçi hany» öldüripdir we häkimiýeti agasyna alyp beripdir. Netijede, tagtyň kanuny mirasdary Gutlug Ilteriş hanyň uly ogly Mogilýan şat,  «Bilge han» tagt ady bilen hanlyga göterilipdir.

Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Bilge han («Parasatly han» manysynda ) «göwni açyk, dostluga sarpa goýýan» adam bolupdyr. Bilge han häkimiýeti öz eline alansoň, Gapagan hanyň döwründäki ähli döwlet işgärleriniň Toňýukukdan başgasyny ýok edipdir. Toňýukuk Bilge hanyň  gaýyn atasy bolupdyr, şeýle hem ol  örän pähim-paýhasly we tejribeli döwlet işgäridi. Üstesine-de, Toňýukuk Bilge hanyň kakasynyň hem maslahatçysy bolupdy. Şu zatlary nazarda tutup, Bilge han Toňýukugy özüne baş maslahatçy (Boýla baga tarhan) edip alypdyr.

Bilge hanyň öňünde duran baş wezipe Gapagan han döwründe bulaşan döwletiň içini düzgüne salmalydy, döwletden bölünip aýrylan raýatlary we ýapjalary yzyna getirmelidi. Bu bolsa tanlar bilen uruşlara getirjekdi. Bilge han goşunlaryny Beýik Hytaý diwarlaryna tarap sürmegi ýüregine düwýär. Muny aňan parasatly Toňýukuk «Beýtmeli däl. Hytaý patyşasy söweşjeň, halky asuda, ýyl hasylly, bu amatly pursat däl.  Üstesine-de, biz goşunymyzy täzelikde jemledik, ony entäk gozgamaly däl» diýip maslahat berýär. Gapagan hanyň zabun syýasatyndan ejir çekip, dürli taraplara giden raýatlar, Hytaýyň tarapyna  geçen käbir ýapjalar ýuwaş-ýuwaşdan yzlaryna dolanyp başlapdylar.

Şundan soň Bilge han Hytaýa ilçi iberip, şertnama baglaşmagy teklip edýär. Emma patyşa şertnama baglaşmaga derek göktürkmenleriň üstüne 300 müňlik uly goşun iberýär. Hytaýyň tarapynda göktürkmenleriň şindi Gutlug han döwrüniň ýapjalary bolan basmallar, kidanlar we başgalar hem goşulypdyr. Bilge han howsala düşüpdir, emma Toňýukuk oňa maslahat beripdir: «Basmallaryň we kidanlaryň arasy biri-birinden örän uzakda we olaryň  birigip biljegi gümana. Ustesine-de, olaryň hanlary  agzala. Basmallar ýeňilkelle we oljanyň ýesiri. Şonuň üçin hem birinji olaryň öňünden çykmaly».

Basmallar  hakykatdan hem göktürkmenleriň üstüne birinji bolup gelipdirler, ýöne kidanlaryň şindi gelmändiklerini aňyp yza çekilipdirler. Bilge han söweşe hyýallanypdyr. Parasatly Toňýukuk: «Uzakdan gelen goşun ölenini-galanyny bilmän uruşýandyr. Olaryň hüjümine döz gelip bolmaz. Gowusy ýuwaş-ýuwaşdan olaryň yzyna düşeli, soňam derbi-dagyn etmek gerek» – diýip maslahat beripdir. Şeýlelikde, Bilge han Bäşbalygyň töwereginde basmallary  derbi-dagyn edipdir. Soňra hanyň goşunlary Bäşbalykda ýerleşýän tan goşunlarynyň daşyny gabapdyr. Parasatly Toňýukuk:  «Eger-de, tan serkerdesi Gin-şu şäherden çykman otursa, ol hökman biz bilen ýaraşyk baglaşar, eger-de ol goşunlaryny şäherden çykaryp, bize garşy sürse, biz hökman ýeňeris» diýip aýdypdyr.

Gin-şu goşunlaryny şäherden çykaryp Bilge hanyň goşunlarynyň üstüne sürüpdir. Emma aýylganç aňzakly sowuk esgerlere ýalaňaç elleri bilen ýaý çekmäge mümkinçilik bermändir. Şeýleleikde, tan goşunlary uly ýeňlişe sezewar edilipdir.

Bilge hanyň alyp baran üstünlikli söweş hereketleriniň netijesinde Göktürkmenleriň döwleti ýene-de öňki araçäklerinde dikeldilipdir. 721-nji ýylda Hytaýyň köşk adamalary patyşadan Bilge hana çakylyk ibermegi maslahat beripdirler. Sebäbi Bilge han öz adamlary bilen tanlaryň köşgüne gelende, olary tussag edip boljakdy. Bilge han çakylygy alypdyr, ýöne özi Hytaýa gitmän  ýerine  köşk adamlaryndan birini iberipdir.

Han ilçisi Meýluçžo Bilge hanyň adyndan hoşniýetli gatnaşyklary we garyndaşlygy teklip edipdir. Tan imperatowy Sýuan Szun (712-755) hem Bilge han bilen şertnama baglaşmak isläpdir. Emma onuň maslahatçylary Sýuan Szuny göktürkmenleriň garşysyna küşgürmäge jan edipdirler. Bu barada «Tan nesil şalygynyň taryhy» eseri şeýle maglumat berýär: «Göktürkmenler hoşniýetli gatnaşyklary teklip etseler-de, olaryň wepadarlygyna ynanmak kyn. Olaryň hany raýatlary bilen gowy gatnaşykda, özem ynsansöýüji, onuň gullukçylaryndan Költegin hakyky serkerde, Toňýukuk bolsa edermen adam, özem garradygyça paýhaslanýar. Biziň garşydaşlarymyzyň üçüsiniň hem häzir agzy bir».

725-nji ýylda Sýuan Szun göktürkmenleriňkä ilçi iberipdir we ol Bilge handan tan imperatorynyň goragçylar toparyna bir göktürkmen beginiň iberilmegini sorapdyr. Hytaýly ilçini Bilge han aköýde öz Hatyny (Göktürkmenlerde hanyň aýalyna «Hatyn» diýip atlandyrylypdyr), Költegin we Toňýukuk bilen bilelikde kabul edipdir.

Kabul edilişikde Bilge han ilçä: «Tibet halky itden emele gelen bolsa-da, tan nesli olar bilen nika garyndaşlygyny açýar. Hi bilen kidan halklary meniň gullarym we raýatlarym bolsalar-da, olar siziň patyşa gyzlaryňyza öýlenýärler. Diňe göktürkmenleriň han nesli näçe gezek gyz berilmegini sorasa-da, siz tarapdan razylyk alyp bilmedik. Munuň sebäbi näme?» diýip sorapdyr. Tan ilçisi: «Han! Sen Taňrynyň oglunyň (Hytaý patyşasynyň diýdigi) ogly ahyry, heý oglam öz atasy bilen nika gatnaşygyny açyp bilermi?» diýip jogap beripdir.

«Ýalan – diýip Bilge han gaharlanypdyr. – Ýaňky iki ýapjama-da siziň patyşayz «Meniň ogullarym» diýip ýüzlenýär, emma olaryň ikisi hem  patyşa gyzlaryna öýlendiler. Näme üçin bize patyşa gyzlaryna öýlenmek bolmaýar» – diýip, Bilge han ilçini gyssapdyr. Şundan soň ilçi Bilge hanyň talaplaryny öz hökümdaryna ýetirmegi wada edip, yzyna dolanypdyr. Ilçi bilen bilelikde paýtagt şäher Çanana Bilge hanyň ýakyn adamlaryndan Meýluçžo ugradylypdyr. Bilge hanyň wekilini Sýuan Szun gowy garşylapdyr, oňa uly hezzet-hormat edip, köp sowgatlary beripdir, ýöne parahatçylyga we garyndaşlyga razylyk bermändir.

Parahatçylykly şertnama baglaşylmasa-da, Bilge han Hytaý bilen gowy gatnaşyklary saklapdyr. Ýogsam, Tibetiň hany Bilge hana hat ýollap, Hytaýa çozmagy teklibem edipdir, emma Bilge han ol teklibi kabul etmändir. Tibet hanynyň hatyny Bilge han Sýuan Szuna iberipdir. Sýuan Szun Bilge hanyň bu hereketine minnetdarlyk bildiripdir we onuň ilçisi Meýluçžony hezzetläpdir. Sýuan Szun serhetýaka serkerdelere we häkimlere serhetde bazarlary açmaga rugsat beripdir. Şunuň netijesinde Göktürkmenler bilen Hytaýyň arasynda gyzgalaňly söwda başlapdyr. Bu bolsa iki goňşy halkyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň emele gelmegine, halklaryň durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir edipdir. Ýöne, hytaýly köşk adamlary patyşa Sýuan Szuna gep bermekligi bes etmändirler we ony göktürkmenlere garşy hereketlere iteklemäge jan edipdir. Bilge hanyň ýöreden ilhalar içeri we dostlukly daşary syýasatynyň netijesinde birnäçe ýylyň dowamynda Göktürkmenleriň döwletinde asudalyk we abadançylyk höküm sürüpdir. Daşary syýasatda bolsa, ol Hytaý bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga çalşypdyr.

731-nji ýylda Bilge hanyň inisi, şöhratly serkerde (Göktürkmenleriň döwründe serkerde «ýagyçy» diýlip atlandyrylypdyr) Költegin aradan çykypdyr. Hytaý patyşasy Költeginiň ýasyna uly wekilçilikli topary, gynanç hatyny iberipdir. Ýasa gelen hytaýlylaryň ýanynda ýörite ussalar bolup, olar Költeginiň hatyrasyna ajaýyp ýadygärlik gurupdyrlar. Ýadygärligiň arka ýüzüne Költeginiň ömri we eden işleri barada hytaý dilinde ýazgylar edilipdir, onuň diwarlarynda bolsa meşhur serkerdäniň ýeňiş gazanan söweşlerinden pursatlaryň suraty çekilipdir.

Költeginiň aradan çykmagy Bilge hany kyn güne salypdyr. Sebäbi indi parasatly Toňýukugam, edermen Költeginem ýokdy. Haçan-da, Költeginiň ýadygärligi gurlup gutaranda «Bilge han bu ýadygärligi görüp, çuň gussa batdy» diýip, «Tan nesilşalygynyň taryhy « eserinde aýdylýar.

Bu wakalardan soň Bilge han Çanana ilçi iberipdir we Sýuan Szundan garyndaşlyk açylmagyny iň soňky gezek talap edipdir. Tan patyşasy ahyrsoňy öz gyzlarynyň birini Bilge hana bermäge razylyk beripdir we ondan toý sähediniň anyklanmagyny sorapdyr. Emma tanlara satylan, Bilge hanyň köşk işgäri Meýluçžo 734-nji ýylda hany zäherläpdir. Ölüp barýan Bilge han dönük Meýluçžony (bu dönügiň ady hytaý çeşmelerinde şeýle getirilýär. Dönükligi üçin oguz-orhon ýazgylarynda onuň hakyky oguz ady görkezilmeýär.) jezalandyryp öldüripdir.

Tanlaryň köşk adamlaram, Sýuan Szunam Bilge hanyň ölendigini eşidip, ýeňillik bilen dem alypdyrlar, sebäbi uly giňişliklerde Hytaýyň Bilge handan başga bäsdeşi bolmandyr. Bilge hanyň ýasyna Sýuan Szun ýörite wekilleri iberipdir we gynanç bildiren bolupdyr. Ýogsam, Bilge hanyň olümini gurnan onuň özidi.

Hytaýly ussalar Sýuan Szunyň buýrugy boýunça Orhon derýasynyň boýunda Költeginiň yadygärliginiň golaýynda, Költeginiňkä görä kiçiräk ýadygärlik gurupdyrlar, ýadygärligiň arka ýüzünde bolsa  hytaý dilinde Bilge hanyň ömri we eden işleri barada ýazgy edilipdir. Költeginiň we Bilge hanyň ýadygärlikleri 1889-njy ýylda rus alymy N.M. Ýadrinsew tarapyndan ýüze çykaryldy. Bilge han ölenden soň onuň ogly Ýolly Tegin (hytaý çeşmelerinde Ižan han) köşk adamlarynyň biragyzdan goldamagynda tagta çykypdyr.

Ýolly han (734-739) ýazyjy we taryhçy bolupdyr. Ol Költeginiň we Bilge hanyň mazarynyň üstünde dikeldilen daşyň ýüzünde  oguz-türkmen dilinde uly ýazgylary galdyryp giden beýik şahşyýet bolupdyr. Ýolly hanyň öz  kakasy Bilge hanyň başujynda, onuň eden işleri barada ýazan uly ýazgylarynyň arasynda şeýle setirler ünsi çekýär. Bilge han aýdypdyr: «Ölüp barýan halka jan berdim, ýalaňaç halky geýindirdim, garyp halky baýatdym, az sanly halky köpeltdim.» Bilge han köpmüňýyllyk taryhymyzda hakykatdan hem şeýle işleri amal eden gerçek bolupdyr.

2 Yorumlar
  1. İskender diyor

    “Göktürk”ün ne manaya geldiği ile ilgili hiç bir kaynakta bir bilgi yoktur. Yanı sıra tek bir kayak olarak gösterilen Orhun yazıtlarında da,tek bir yerde ve “KÖÖK-TÜRÜK olarak geçmektedir

  2. Has Türkmen diyor

    Olabilir

Cevap bırakın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak.