Türk Tarihi ve Kültür Araştırmaları

Adalatyň Ganaty Alp Arslan

12 9.201

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW

Kakajan BAÝRAMOW

ALP ARSLANYŇ ŞAZADALYK DÖWRI

Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslan Türkmen milletimizden çykan iň beýik gahrymanlaryň biridir. Ol Horasanyň meşhur häkimi Dawut Çagry begiň ogludyr.

Entek, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gurulmasyndan has öň, Çagry beg Türkmen öz inisi Togrul beg Türkmen bilen birlikde Garahanlylar neberesinden bolan hökümdar Aly Tegin bilen çaknyşyga taýýarlanyp ýörkä, Seljuklar maşgalasynda şatlykly bir waka bolup geçipdir. 1029-njy milady ýylynyň ýanwar aýynyň 20-si güni Çagry begiň bir ogly dünýä inipdir. Bu gutly gün doglan oglanjyga «beýik gahryman arslan» manysyny berýän «Alp Arslan» ady dakylypdyr. Ýöne, ylmy edebiýatlarda Alp Arslan Türkmeniň 1033-nji milady (425-nji hijri) ýylynda doglandygy barada maglumat hem bar.

Alp Arslan ýaşlygyndan başlap gaýduwsyz häsiýeti we söweşjeňlik ukyby bilen tapawutlanypdyr. Kakasy Çagry begiň Seljuk türkmenleriniň döwletiniň abatlygy we berkararlygy üçin amala aşyran harby hereketlerinde mydama ýanynda bolupdyr. Ol kakasynyň başda duran serkerdeleriniň biri bolmak bilen, söweşlerde ýeňişleriň gazanylmagynda ähmiýetli işleri amala aşyrypdyr.

Alp Arslan Türkmen 1043-1044-nji ýyllarda, özüniň ýaşlygyna garamazdan gujur-gaýratlylygyny görkezipdir. Şol döwürde Çagry beg hassalanypdyr. Bu ýagdaýy peýdalanmak islän Gaznaly türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Mewdud, elden giderilen Balh we Toharystan topraklaryny seljuklardan yzyna gaýdyp almak maksady bilen, bu ýerlere goşun çekipdir. Gaznalylaryň harby güýçlerine garşy kakasyna derek Seljuklaryň goşunynyň başynda bolup söweş etmek ýaşajyk Alp Arslanyň paýyna düşüpdir. Alp Arslan özüniň serkerdeligindäki goşun bilen örän çaltlykda hereket edip Balha gelipdir, gelşine-de tizden-tiz hüjüme geçipdir. Bu söweşde, Gaznalylaryň goşuny derbi-dagyn edilipdir. Şonda, Alp Arslan tarapyndan ýesir alnan kiçi we uly derejedäki goşun serkerdeleriniň sany müňe ýetipdir. Örän köp mukdarda ýarag we atlar olja alnypdyr. Alp Arslanyň ýeňiş gazanyp yzyna gaýdyp gelmegi kakasyny örän begendiripdir. Hatda, çeşmeler Çagry begiň, ýaş oglunyň gazanan harby üstünligine guwanmak we begenmek duýgusyna gaplanmasy sebäpli öž hassalygyndan açylandygyny-da ýazýarlar.

Çagry beg Türkmeniň Termez şäherini eýelemek üçin eden harby saparlarynda hem ýaşajyk Alp Arslan kakasynyň ýanynda bolupdyr. Horasanyň goralmagy üçin uly ähmiýeti bolan Termezi Gaznalylaryň elinden almagy maksat edinen Çagry beg, galanyň özüne tabşyrylmagyny isläp, ony goraýjylaryň ýolbaşçysyna hat ýazyp iberipdir. Çagry beg, hatyň içinde özüniň ýaşajyk ogly Alp Arslanyň gazanan ýeňşiniň Gaznaly türkmenleriň döwletiniň gutarnykly sarsandygyny görkezýän bir subutnamadygyny açyk aýdypdyr. Haty üns bilen okan galany goraýjylaryň serkerdesi, öz hökümdaryndan ýardamyň gelmejekdigine düşünip. Termezi galdyryp, Gazna şäherine çekilipdir.

Alp Arslana, 1058-nji ýylda, seljuklaryň ägirt döwleti üçin eden işlerinde, hereketlerinde gazanan üstünlikleri mynasybetli kakasy Çagry beg tarapyndan Balh, Toharystan, Termez, Kobadiýan, Wahş we Walwalij topraklary häkimlige berlipdir. Kakasy Alp Arslana Aly bin Şadany wezir edip belläpdir. Maglumatlardan Alp Arslanyň ýönekeý bir häkimlige däl-de, seljuklaryň ägirt döwletiniň gündogar serhedine gözegçilik edip goraýan, garaşly bir kiçi döwletiň, ýagny Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň başyna getirilendigi görünýär. Bu Alp Arslanyň zikgeleden pullaryndan hem bellidir.

Şazada Alp Arslanyň ýaşlykda gazanan hökümdarlyk tejribesi soňky soltanlyk eden döwürlerinde örän peýda beripdir. Kitaplarda Alp Arslanyň çagalygynda örän gowy bilim alandygy agzalýar.

Alp Arslanyň döwründe Orta we Ýakyn Gündogarda şu döwletler bolupdyr: Musulmançylygyň gündogar serhetleriniň üstünde ýerleşen Garahanly türkmenleriň döwleti (840-1212), bu günki Owganystan we Günbatar Päkistan bilen Demirgazyk Hindistan topraklarynda ýerleşen Gaznaly türkmenleriniň döwleti (962-1187), Müsür we Siriýada ýerleşen şyga Fatymylaryň halypalygy (910-1071), Anadolyda we Ýewropada (Balkanlarda) ýerleşen Wizantiýa döwleti (395-1453). Bulardan başga-da birtopar ownuk döwletler bolan-da bolsa, şol döwürdäki döwletleriň arasynda edilen gatnaşyklarda üns çekäýjek ähmiýetli rollary oýnamandyklary üçin bellenip geçilmändir. Ýöne Yspyhan we onuň töwereklerinde (Eýranda), seljuklaryň goňşusy bolan, soň seljuklar tarapyndan eýelenen, Büweýhogullarynyň häkimliginiň hem bolandygyny bellemek zerur.

Kakasyndan örän ygtybarly hökümdarlyk terbiýesini alan Alp Arslan, Çagry beg Türkmen aýatda dirikä hem onuň Horasandaky seljuk türkmenleriniň döwletinde örän möhüm işleri amala aşyrypdyr. Şol döwürde, Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Mewdud Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletine garşy Garahanlylar hem-de Büweýhogullary bilen gepleşik geçirip, üçli birleşigi döredipdir. Emma Mewdud wepat bolupdyr. Onuň ölüminden habarsyz ýola çykan birleşigiň beýleki agzasy Büweýhogullary neberesinden Kalijar bolsa hassalanyp, Yspyhana dolanypdyr. Garahanlylar neberesinden bolan hökümdar Arslan han bolsa, Termeze çenli gelipdir. Onuň çozuşy Termeziň erbet talanmagyna alyp barypdyr. Talanan ýerler bolsa, bilşimiz ýaly, Alp Arslanyň häkimligindäki ýerlerdi. Şu sebäpli talaňçylygyň öňüni alyp, gelen goşuny yzyna serpikdiren hem ýene-de Alp Arslan bolupdyr. Soňra onuň kakasy Çagry beg, Jeýhunyň kenarynda öz soltanlyk çadyryny guran Garahanlylaryň hökümdary Arslan han bilen görüşipdir. Olar Horasana we Seljuklaryň elindäki beýleki ýerlere Garahanlylardan hiçbir güýjüň talaňçylyga gelmejekligi barada şertleşip, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyrlar.

Hökümdar Mewdudyň ölüminden soňra Gaznalylaryň tagtyna geçen Ferruhzad bin Mesud uly bir goşun sürüp, Horasana ýöriş edipdir. Balhda, onuň öňünden bu ýeriň häkimi Kutbeddin Kül Saryk goşuny bilen çykypdyr we asgyn gelipdir. Ol ýakynlary bilen Gaznalylara ýesir düşüpdir. Muňa namys eden Alp Arslan kakasyndan Gaznalylara garşy harby herekete çykmaga özüne rugsat berilmegini sorapdyr. Kakasy Çagry begden oňaýly jogaby alanyndan soňra bolsa ol duşman goşunynyň üstüne ýöriş gurap, ýeňiş gazanypdyr. Ol Gaznalylar döwletiniň ýokary wezipeli emeldarlarynyň we döwlet adamlarynyň birtoparyny ýesir alypdyr. Bu iki döwletiň arasynda dowam eden oňuşmazlyk, Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Ferruhzadyň ýerine Ybraýymyň tagta geçmegi bilen tamamlanypdyr. Iki döwletiň arasyndaky bolup geçen surnukdyryjy söweşlerden ýadan Çagry begiň razylygy bilen, Hindiguş daglary iki döwletiň arasyndaky döwlet serhedi hökmünde kabul edilip, 1059-njy ýylda seljuklar hem-de gaznalylaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygy baglaşylypdyr.

Yaşlygyna garamazdan, Alp Arslan, diňe öz kakasynyň däl, eýsem, onuň inisi Togrul begiň hem ýakyn goldawçysy bolupdyr. Togrul beg, öz doganoglany Ybraýym Ýynalyň gozgalaňa baş galdyryp, Hemedany eýeläp, kyn güne salanynda, dogany Çagry begden tiz ýagdaýda kömek sorapdyr. Ol bolsa, inisine kömek üçin ogullaryndan Alp Arslany we Seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdary Gara Arslan Gurdy iberipdir. 1059-njy ýylda, bu şazadalar Ybraýym Ýynalyň goşunyny ýeňip, döwleti içki howpdan halas edipdirler.

Taryhy maglumatlar, Alp Arslanyň hökümdarlygynyň irki döwürlerinden başlap, özbaşdak harby hereketleri hem geçirendigini habar berýärler. Olaryň biri Merwden Eýranyň Pars topraklaryna guralan ýörişdir. Bu ýöriş kakasynyň Alp Arslany entek öz ýerine häkim yglan etmesinden has öň bolupdyr. Onuň bu harby hereketinden, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň emeldarlarynyň, emirleriniň hiç biri, hat-da soltan Togrul beg hem habarsyz bolupdyr. Alp Arslan öz goşuny bilen Fesa şäherine gelip, bu ýerdäki Büweýhogullarynyň wekilini gaçyp gitmäge mejbur edipdir. Garşylyk görkezenleriň bir toparyny heläkläp, üç müň kişini ýesir alypdyr. Alp Arslan bu ýörişinde, bir million altyn dinar gymmaty bolan olja bilen yzyna dolanypdyr. Çeşmelerde bu başarylan işiň, örän uly işdigi bellenip geçilýär. Bu ýöriş, Alp Arslanyň ýaşlygyna garamazdan uly işleri amala aşyryp bilendiginiň subutnamasydyr.

ALP ARSLANYŇ SOLTANLYK TAGTYNA GEÇMEGI

Alp Arslanyň Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň daşky duşmanlaryna garşy we içki edarasyndaky eden işleri, gahrymanlyklary we ägirt döwlet adamlygy baradaky habarlar örän çaltlykda Horasanyň serhedini aşyp, soltan Togrul begiň häkimligindäki günbatar ülkelere batyp ýetipdir. Onuň bu şöhraty, soltan Çagry beg ölenden soň, Togrul bege nikalanyp berlen Çagry begiň aýallarynyň biriniň ogly Süleýmanyň tagta getirilmesi bilen başlanan tagt ugrundaky göreşde ýeňiş gazanmagynda hem uly rol oýnapdyr. Çagasyz Togrul bege, Çagry begiň yzynda dul galan kiçijik oguljygy bolan bir aýaly nikalanyp berlipdir. Soltan Togrul beg bolsa, şol oglanjygy «özünden soňra hökümdar boljak kişi» diýip yglan edipdir. Emma, Alp Arslan hem Çagry begiň ogludy we soltanlygyň tagtyna geçmäge özüniň haky bar hasap edýärdi. Üstesine-de, halk döwletiň başyna Alp Arslanyň geçmeginiň tarapdarydy.

Alp Arslanyň tagta geçmelidigini öňe sürüp, Süleýmanjygyň tagta geçirilmesine garşy harby güýçleri bilen çykan ýeke-täk kişi Hajyp Ärdem atly bir türkmen serkerdesi bolupdyr. Edebiýatlarda Hajyp Ärdemiň Alp Arslanyň tagt mirasdüşeri edilmelidigini Togrul bege duýdurandygy hem agzalyp geçilýär. Bu serkerde, Süleýmanjygyň Seljuklar neberesiniň guran ägirt döwletiniň hökümdarlyk tagtyna mirasdar hökmünde yglan edilenden soňra, goşunyny alyp, Alp Arslanyň ýanyna, Horasana gelipdir. Soltan Togrul begiň aradan çykmasyndan soň wezir Amydylmülk Kündury Süleýmanjygy tagta geçiripdir. Seljuk türkmenleriniň serkerdeleriniň bir topary ony goldasa-da, beýleki bir bölegi garşy çykyp, Süleýmanyň hökümdarlygyny kabul etmeýändiklerini, Alp Arslanyň bu wezipä has mynasypdygyny we ony döwletiň hökümdary hökmünde görýändiklerini duýdurypdyrlar. Ol emirler, Hajyp Ärdemiň we Ýagysaýanyň yzyna eýerip, Kazwine gidipdirler, şol ýerde hökümdar Alp Arslanyň adyna metjitlerde hutba okadypdyrlar.

Süleýmanyň hökümdar diýlip yglan edilenini eşiden Alp Arslan Reý şäherine gelipdir. Onuň Reýe gelmegi bilen Süleýman bu şäherden çykyp, Şiraza gidipdir. Wezir Amydylmülk Kündury bolsa, Alp Arslana garşy harby herekete başlaman, metjitlerde Süleýmanjygyň adyna okadylýan hökümdarlyk hutbalaryny Alp Arslanyň adyna okadylmasyny buýrupdyr. Alp Arslanyň ýanyna wekillerini iberip, tabynlygyny bildiripdir. Bu hadysalar 1063-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçipdir.

Entek, Beýik Seljuk türkmenleriniň tagtyna geçmänkä Alp Arslanyň alnyndan ýene bir garşydaş çykypdyr. Ol, seljuklar neberesinden bolan Arslan Ýabgunyň ogly Gutalmyşdy (Gutulmyşdy). Gutalmyş Alp Arslandan öňürti gelip, paýtagt şäher bolan Reýi goşuny bilen gabapdyr. Ýöne ol Alp Arslandan ýeňlipdir.

1064-nji ýylyň aprel aýynyň 27-si güni Alp Arslan Türkmen Reý şäherinde uly dabara bilen tagta çykarylypdyr. Ol, soltan Togrul begiň wezirligini eden we Süleýmany tagta çykaran wezir Amydylmülk Künduryny wezirlikden aýryp, geljekde beýik bir döwlet adamy hökmünde tanaljak Nyzamylmülki wezirlige belläpdir. Alp Arslan tagta geçen gününden başlap agzala begleriň agzyny birleşdirip, bir baýdagyň astynda jemlemegi başarypdyr. Şeýle etmek bilen, ol, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletini has hem kuwwatlandyrypdyr. 1064-nji ýylyň maý aýynyň 11-i güni, zamananyň musulmanlarynyň halypasy bütin yslama uýýan ülkelerdäki metjitlerde soltan Alp Arslanyň adyna hutba okadylmagyny emr edipdir. Onuň adyna pullar zikgelenip, soltanlyk alamatlaryny göterýän eşiklerdir- beýleki zatlar döredilipdir.

Beýik soltan Alp Arslan tagta geçen badyna döwletiň içinde tertip-düzgüni berkitmäge hem-de onuň çäklerini giňeltmäge üns beripdir. Dogany seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdary Gara Arslan Gurduň merkezi häkimiýeti gowşatmaga gönükdirilen gozgalaňlaryny basyp ýatyrypdyr.

Soltan Alp Arslan Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň içinde türkmen dilinde gepleşilmegini esasly derejede ýola goýupdyr. Köşkde türkmençe gepleşilipdir. Harby dil türkmen dili bolandygy sebäpli buýruklar türkmençe berlipdir. Garahanly türkmenleriniň hem-de Gaznaly türkmenleriniň döwletleri bilen türkmen dilinde resmi hat aragatnaşygy alnyp barlypdyr.

Türkmenleriň özleri üçin amatly otly-suwly mekana Anadoly topraklaryna göçüş hereketleri hut soltan Alp Arslanyň döwründe güýçlenipdir. Onuň serkerdeleri Afşin, Kümüştegin, Ahmet şa Dijle we Fyrat (Tigr we Ýewfrat) derýalarynyň aralygynda ýerleşen, öň Wizantiýa garaşly bolan ýerleri seljuk türkmenleriniň häkimiýetiniň astyna almagy başarypdyrlar.

Soltan Togrul begiň zamanynda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti iki bölekden ybarat bolup, jübüt hökümdarlyk şeklinde ýöredilipdir. Gündogar bölegi Çagry beg Türkmen hem-de onuň ogly Alp Arslan Türkmen tarapyndan edara edilipdir. Togrul beg Türkmen bolsa günbatary öz edarasy astynda saklap, bütin döwletiň soltanlyk işlerini amala aşyrypdyr. Seljuklaryň iki başly bürgüt şeklindäki tugrasy hem döwletiň iki bölekden günbatar we gündogar bölekden ybaratdygyny beýan edipdir. Soltan Alp Arslanyň tagta çykmagy bilen bolsa, gündogar hem, günbatar hem bir hökümdaryň edarasy astyna giripdir. Togrul begiň zamanynda, günbatarda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň esasy garşydaşy bolup Müsürdäki şygalaryň Fatymylar halypalygy bolan bolsa, Alp Arslanyň soltanlygy döwründe ol garşydaş Wizantiýa imperiýasydy.

SOLTAN ALP ARSLANYŇ ANADOLA BIRINJI ÝÖRIŞI

Soltan Alp Arslan hökümdarlyga geçen badyna harby saparlara başlapdyr. 1064-nji ýylyň fewral aýynyň 22-sinde günbatar tarapa herekete geçipdir. Şol gün Reý şäherinden çykyp, Urmiýeniň demirgazygyndan Merendä gelipdir. Bu ýerde, uç-gyrakda ýurt tutunan, köp gezek wizantiýalylylara garşy gaza uruşlaryny alyp baran bir türkmen begi Tugtegin soltanyň harby güýçlerine goşulypdyr. Ol köpsanly adamdan ybarat bolan öz taýpasyny hem alyp gelipdir. Tugtegin beg soltana bu ýerleriň eýelenmeginde köp peýda berjek maslahatlary beripdir. Dürli ýerlere baryp ýetmek üçin gysga ýollary salgy berip, ýörişlerde ýolbeletlik edipdir. Soltan onuň maslahaty bilen, Gürjüstana ýöriş geçirmäge karar beripdir we goşuny ikä bölüpdir. Goşunyň bir goluna soltanyň özi, ikinji bölegine bolsa ogly Mälik şa hem-de wezir Nyzamylmülk ýolbaşçylyk edipdirler.

Soltanyň ýörişe çykmagynyň esasy maksady «Ruma gaza etmek» bolupdyr. Soltan döwletiniň çet-gyralarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, özüniň öňbaşçylygyndaky goşun bilen demirgazyga ýönelipdir. Bu ýerlerde harby hereketleri geçirip, ermeni hem-de asgyn gelen gürji patyşalary bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyr we bu ýörişden örän köp sanly ýesir, hem-de altyn, kümüş, gymmat baha daşlardan ybarat olja-ganymat bilen yzyna dolanypdyr.

Şazada Mälik şanyň we wezir Nyzamylmülküň ýolbaşçylygyndaky esasy goşun bölümi bolsa, Araz çaýynyň ugry bilen ilerläp, häzirki Türkiýäniň topraklaryna aralaşypdyr we bir galany gabapdyr. Bu galany goraýjylar ok atmak bilen goranypdyrlar. Gazaply söweş bolupdyr. Galany goraýjylar gabaw edýänleriň sürünmelerine bäs gelip bilmän, daglara tarap gaçypdyrlar we ýok edilipdirler. Ogly Mälik şanyň we weziriniň gazanan üstünliklerini, gahrymançylyklaryny eşiden soltanyň guwançdyr-begenjiniň çägi bolmandyr we olary öz huzuryna çagyrypdyr. Mälik şanyň hem-de Nyzamylmülküň ýolbaşçylygyndaky goşun Sürmeli we beýleki birtopar galalary eýeläp, gelip soltanyň ýolbaşçylygyndaky goşun bilen birleşipdir.

ALP ARSLANYŇ KAWKAZA ÝÖRIŞI

Seljuklaryň ikä bölünen goşuny Sepid şäherinde birleşipdir. Birleşen goşun töwerekdäki galalary eýeläp, Allawerdi (Lal) şäherine hüjüm edipdir. Lal şäheri beýik diwarly, berk özenli galalaryň biridi, esasy bölegi bolsa dagyň üstündedi. Alp Arslan, soltanlyk çadyryny galanyň derwezesiniň öňünde dikip, galany aljakdygy baradaky ynamyny ýitirmän, hüjüme başladypdyr. Söweş gazaply bolupdyr. Söweşde Ebu Şemse we Emir bin Muhajit atly iki serkerde esgerleri bilen duşmanlar tarapyndan, hilä salnyp öldürilipdir. Soltan Alp Arslan güýçli gaýtawul berlendigine garamazdan, ähli päsgelçilikleri ýeňip geçip, galany eýeläpdir. Örän köp mukdarda olja alnypdyr. Alyp bolmajak gala hasaplanýan Lal şäheriniň ele geçirilendigini eşiden goňşy galalaryň baştutanlary soltanyň ýanyna ilçilerini iberip, öz janlaryny satyn almaklyk tölegini bermek bilen boýun egýändiklerini duýdurypdyrlar. Bu waka 1064-nji ýylyň tomsunda bolupdyr.

Soltan Alp Arslan sanlyja aýyň içinde örän kän şäherleri we galalary eýeläninden soňra, şol jelagaýlarda iň mäkäm, iň berk gala hasaplanýan, wizantiýalylaryň elindäki Any galasyna ýöriş edipdir. Alp Arslanyň Kars we Any galalaryna tarap gelýändigi baradaky habarlar çar tarapa ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdyr. Bu şähere tarap gelýän ýoluň ugrunda ýerleşen galalaryň, şol sanda Newre we Seýlwird galalarynyň ilaty musulmançylygy kabul edipdirler we soltana muny duýdurypdyrlar. Bu habarlara soltan örän begenipdir.

Soltanyň goşuny Any şäherine golaýlaşypdyr. Anynyň belent daglar ýaly howalanyp duran diwarlary bolupdyr. Onuň daşky görnüşi görenleri eýmendirýän belent diwarlar bilen gurşalypdyr. Içine derwezeden başga ýerinden girip bolmajak, daglar bilen örtülen bu gala örän haýbatly görnüşde bolupdyr. Ony zabt edip alyp bolmaz öýdüp, şol güne çenli duşmanlaryň hiç biri Anyny gabamaga, hat-da ýanyna golaýlaşmaga milt edip bilmändir. Galanyň üç tarapy bolsa Arpaçaý derýasy bilen gurşalypdyr. Beýleki tarapyndan akýan derýa bolsa örän çuň bolup hem-de çalt akypdyr. Şähere diňe hendegiň üstünden geçýän köprüden baryp, derwezeden girip bolupdyr.

1064-nji ýylyň iýul aýynyň 21-nde soltanyň goşunlary galanyň golaýynda toplanypdyr. Şähere ýakyn gelen soltan Alp Arslan çadyryny şäheriň ýakynyndaky ekerançylyk meýdanynda gurdurypdyr. Şäher ilaty özleriniň galasyna hiç bir duşmanyň goşun çekip, gelip bilmejekdiklerine şeýle uly ynamlary bolupdyr. Hatda olar, soltany we esgerlerini täjirlerdir öýdüpdirler. «Täjirleri» ekerançylyk meýdandan kowmak üçin çykan esgerleriň üsti bilen hem olar, uly bir goşunyň öz şäherlerini eýelemäge gelendigini eşidipdirler we örän geň galypdyrlar.

Şol ýerde soltan Alp Arslan esgerlerine ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Ýigitlerim! Batyrlarym! Siziň ýaly gahrymanlara hökümdarlyk edýänligim üçin men çäksiz bagtlydyryn we Allatagala şükür edýärin. Ilki tagta geçenimde ýurduň gözýetmez künjeklerini gaplap alan ynkylap bulutlaryny gylyçlaryňyzdan lowurdap çykýan ýyldyrymlaryňyz bilen dep edip, watanymyzda agzybirligi ýola goýduňyz. Yslam älemi bu gün hem, garşymyzdaky duşmana Allatagalanyň dinini aýan etmegimiz bilen, bu ugurda söweşler alyp barmagymyza garaşýar. Şunlukda, hak iş bolan Watany goramak we dinimizi ýaýmak ýaly iki mukaddes işi berjaý etmek mertebesi bize düşýär.

Görşüňiz ýaly, duşmanymyz köplük, galajary berk hem bolsa, olaryň siziň ýaly gazawat meýdanlarynda bişişen, watan üçin şehit bolmak yşgy bilen ýanyp bişýän pidakär esgerleriň ilkinji zarbasyna döz gelip bilmejekdiklerini bilýärin. Sebäbi siziň öňüňizde watanlaryny däl-de, öz janlaryny halas etmekden başga zadyň pikirini etmeýän birtopar gorka düşen ynsanlar bar…

Ynha siziň Soltanyňyz, Allatagalanyň ady bilen ädimini gazawat meýdanyna atýar. Şu gylyjy tutup duran elim güýçden gaçýança söweşjekdirin…

Watanyny, dinini, soltanyny söýýänler yzym bilen gelsin!…».

Soltanyň bu sözlerinden soňra, gahryman türkmen ýigitleri joşgunly tolgunma we ägirt ruhy galkynyş bilen soltanlarynyň yzyndan, Any galasyna tarap «Ýa, Alla, Alla» diýip, at goýupdyrlar we gazaply söweş edip, Any galasyny eýeläpdirler. Şäher 1064-nji ýylyň awgust aýynyň 16-synda türkmenleriň eline geçipdir.

Soltan Alp Arslan Anyny alanyndan soňra, biraz wagt galada düzgünleşdiriş we dikeldiş işleri bilen meşgullanypdyr. Şäher halkynyň bir bölegi gahryman duşmanlary bolan türkmenleriň dinini musulmançylygy kabul edipdir. Soltan metjitler we medreseler gurduryp, bilim we ylym işlerini ornaşdyrmak üçin alymlara wezipeler beripdir. Bu ýerlere dini ýaýmakda türkmen derwüşleri uly işleri bitiripdirler. Bu ýerlere yslam ylmyny getirenler hem şolar bolupdyr…

Alp Arslan Türkmen, serkerdeleriniň birine şäheri goramak wezipesini tabşyryp, ep-esli adamdan ybarat goşun bölümini hem onuň ýanynda goýup, Any şäherinden aýrylypdyr. Şeýlelikde, Wizantiýa imperiýasynyň gündogarynda ýerleşen möhüm şäherleriň biri soltan Alp Arslan tarapyndan eýelenipdir. Bu habar, Wizantiýa imperiýasynyň paýtagtyna baryp ýetende. örän gynanç döredipdir. Nyzamylmülk Anyda gazanylan ýeňiş barada Bagdada Apbasy halypasynyň adyna habarnama iberipdir. Bagdatda oturan musulmanlaryň sünnilik ýolunyň halypasy bu üstünligi üçin soltan Alp Arslana «Abul Fath» («Ýeňiji») diýen hormatly ünwany beripdir. Gürji patyşasy hem her ýylda salgyt tölemek şerti bilen Alp Arslana tabynlygyny bildiripdir.

Soltan Alp Arslan Anydan soňra Karsa ýönelipdir. Karsyň häkimi Haýik Any ýaly alnyp bolmajak hasap edilýän galanyň eýelenendigini eşidip, öz galasynyň zor güne düşmezliginiň aladasyny edip, Alp Arslany dostlukly garşylapdyr. Ol Alp Arslana, soltana tabynlygy ýürekden kabul edýändigini, salgyt töläp wepaly boljakdygyny we özüniň hökümdarlygyny dowam etdirmek isleýändigini duýdurypdyr. Alp Arslan onuň bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyr, oňa mylakatly, hoşamaý sözleri aýdypdyr. Emma soňra, Karsyň ähdiýalan häkimi sözünde durmandyr.

Şeýlelikde, soltan Alp Arslanyň 1064-nji ýylda Kawkaz topraklaryna eden ýörişi üstünlikli tamamlanypdyr. Gürjüstan we Ermenistan durşy bilen seljuk türkmenleriniň eline geçipdir. Wizantiýalylaryň ummasyz kän galalary ele geçirilip, içine türkmen ilaty, esgerleri ýerleşdirilipdir.

Soltan Kawkaz ýörişinden yzyna dolananynda Yspyhan, Kerman ýaly şäherlere degip geçip, ol ýerlerde hökümdarlyk işlerini tertibe salypdyr.

ALP ARSLANYŇ TÜRKÜSTANA BIRINJI ÝÖRIŞI

Alp Arslanyň döwründe Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti has güýçlenip, giňelipdir. Alp Arslan onuň günbatar hem-de gündogar böleklerindäki işleriň ýekejesini-de ünsünden sypdyrmandyr. Döwletiň içindäki bölünişik meýilleriniň şolbada öňüni almaga çalşypdyr. Alp Arslan 1065-nji ýylda gündogar saparyna (I Türküstan ýörişine) çykypdyr. Müňgyşlakda ýaşaýan gypjaklary özüne tabyn edipdir. Ol ýerden Syrderýa boýlaryna Jent şäherine tarap ýönelipdir. Bu ýerde Seljuk nesilşalygynyň düýbüni tutujy, atasy Seljuk begiň guburyna zyýarat edipdir.

Alp Arslan Jentden Merwe barypdyr. Bu ýerde uly toý tutup, ogly Mälik şany Garahanly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Ybraýym Tamgaç hanyň gyzy Türkan (Terken) hatyna, beýleki ogly Arslan şany bolsa Gaznaly hökümdarynyň gyzyna öýlendiripdir. Şu ýerde bir zady aýratyn tekrarlamakçy bolýarys. Döwrüniň beýik syýasatçysy bolan Alp Arslan goňşy türkmen döwletleriniň biri-biri bilen agzalalykda däl-de, agzybirlikde ýaşamagynyň zerurlygyna düşünipdir. Dürli nesilşalyklarynyň arasyndaky nika gatnaşyklary şol agzybirligi hasam pugtalandyryp biljekdi. Syýasatdaky bu inçe tilsimi ussatlyk bilen ulanan Alp Arslanyň özi bu babatda gardaş türkmen döwletlerine nusga bolupdyr. Onuň özi Garahanlylaryň neberesinden, Kaşgaryň we Hotanyň hökümdary Ýusup Kadyr hanyň gyzyna öýlenipdir. Gyzy Äşe hatyny Garahanly türkmenleriň hökümdary Nasr ibn Ybraýyma nikalap beripdir. Ikinji gyzy Mahdal-Yragy («Yragyň sallançagy») Gaznaly türkmenleriň soltany Mesut II-ä, üçünji gyzy Fulane hatyny Bagdat halyfy al-Kaýym Biemrillahyň ogluna durmuşa çykarypdyr. Soltan Alp Arslan Kawkaz ýörişinde korol Dawidiň ogly Kiwrikeniň gyzyna-da öýlenipdir. Dawid patyşanyň bu gyz agtygy Bagrat IV-niň hem ýegeni eken. Bu zatlar Alp Arslanyň Togrul begiň hökümdarlaryň arasyndaky garyndaşlyk açmak syýasatyny dowam etdirendigini görkezýär. Hökümdar güýçli bolsa, goňşular hem ýuwaş, säkin bolýarlar. Jendiň hem-de Köneürgenjiň (Horezmiň) häkimleri hem şeýle güýçli hökümdarlyk syýasatyny ýöreden gahryman patyşa garşy hereket etmegiň biderekdigine düşünipdirler, oňa dostduklaryny bildiripdirler.

Alp Arslan 1066-njy ýylda Merwde körpe ogly Mälik şany tagt mirasdüşeri edip belläpdir. Döwletiň içinde özara bäsdeşligiň öňüni almak maksady bilen döwletiň dürli welaýatlaryny neberäniň agzalaryna paýlap beripdir. Şazada Mälik şa Yspyhany we Şirazy dolandyrmagy tabşyrypdyr. «Beýik Yslam taryhynyň» (7 jilt) maglumatlaryna görä, Alp Arslan ogullaryndan Dogan şany Hyrada, Arslan şany Merwe, Arslan Arguny Horezme, Ylýasy Tabarystana, Aýazy Balha hökümdar belläpdir. Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, Alp Arslan Mazendarany Ynanç Ýabguwa, Balhy dogany Süleýman şa, Horezmi Arslan arguna, Merwi ogly Arslan şa, Çaganiýany we Toharystany dogany Ylýasa beripdir. Orta asyr taryhçysy Sadreddin Hüseýni (XII asyr) Alp Arslanyň Mälik şa, Tekeş, Aýaz, Tutuş, Böri-Bars, Arslan Argun atly ogullarynyň bolandygyny ýazypdyr.

RUM ILINIŇ DERWEZESINI AÇAN SOLTAN

XI asyryň ortalarynda, Türkmenistan topraklarynda, Merwde düybi tutulan Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwleti asyryň 70-nji ýyllaryna çenli öz çaklerini has-da giňeldipdir. Anadolyny eýelemek üçin türkmenleriň eden harby we göçüş hereketleri Togrul beg Türkmeniň we Çagry beg Türkmeniň zamanynda başlanypdy. 1015-1018-nji ýyllarda Häzirbegjan topraklaryna gelen Çagry beg Türkmen Wan hem-de Kars etraplaryna barlag ýörişlerini gurap, Anadolynyň ýaşamak üçin oňaýly, amatly ýerdigine göz ýetiripdir. Ol yzyna dolanyp geleninde bu pikirini ildeşlerine duýdurypdyr.

1028-1038-nji ýyllarda, Arslan Ýabguwa bagly Oguz-türkmenleri Anadoly illerine giripdirler, has soňra bolsa ülkäniň günorta etraplaryna çenli barypdyrlar.

1044-1048-nji ýyllarda, Togrul beg tarapyndan iberilen Ybraýym Ýynal, Gutalmyş we Musa Ýabguwyň ogly Hasan uly bir goşun bilen Häzirbegjana gelipdirler. Gutalmyşyň serkerdeligindäki türkmen atlylary, Genjäniň ýakynynda wizantiýalylaryň goşunyny derbi-dagyn edipdirler. Hasan beg bolsa Pasynlaryň töwereklerini eýelemek bilen meşgul bolup ýörkä şehit düşüpdir. 1048-nji ýylda, Gutalmyş hem-de Ybraýym Ýynal «Pasynlar söweşi» adyny alan, Pasynlaryň ýanynda edilen söweşde ýeňiş gazanypdyrlar.

1054-1059-njy ýyllarda, Gündogar Anadoly topraklaryna giren Togrul Beg Türkmen Kemah, Erzinjan, Baýburt we Şebingarahisar ýaly ýerleri eýeläpdir. 1057-nji ýylda Anadoly ýörişleri üçin Ýakut beg taýyn edilipdir. Ýakut beg öz esgerleri bilen Kaýsara (Kaýserä) çenli barypdyr. Siwas eýelenipdir, Any we Kars şäherleri gabawa salnypdyr. Bu döwürde Dinar bege bagly türkmen atlylary Malatýa töwereklerine çenli baryp ýetipdirler.

Türkmenleriň Anadola eden ýörişleri Beýik Seljuk türkmenleriniň soltany Alp Arslanyň döwründe has-da güýçlenipdir. 1064-nji ýylda sapara çykan Alp Arslan Karsy, Anyny eýeläpdir. Ol ermenileri öz häkimligi astyna salanyndan soňra, aoşunlary bilen Gürjüstana giripdir. Onuň emirler; Kümüştegin, Afşin, Sandyk, Danyşmend Gazy we beýlekiler Gündogar, Orta we Günorta-gündogar Anadolynyň dürli ýerlerinde harby hereketlerini dowam etdiripdirler. 1067-nji ýylda Afşin beg Malatýany we Kaýsarany eýeläpdir, Afşin beg Egeý deňziniň kenarlaryna çenli barypdyr we Eşkişehir bilen Akşehir ýolunyň ugrundaky Amuriýe şäherini eýeläpdir.

1070-nji ýylyň tomsunyň ortasynda Alp Arslan özüniň Şama (Siriýa) ýörişine ugrapdyr. Ýolugra Malazgirt, Erjiş galalaryny ele geçiripdir. 1071-nji ýylyň ýazynda, uzak wagtlyk gabawdan soňra, Halap şäheri seljuklaryň häkimiýetine tabyn bolupdyr. Emma Wizantiýa imperatorynyň ilçi iberip, Malazgirdi, Ahlady, Erjişi yzyna gaýtaryp bermegi talap etmegi oňa ýöriş niýetini goýbolsun etmäge mejbur edipdir.

Şeýlelikde türkmenler bu harby hereketleriň netijesinde Anadoly topraklaryna doly,belet bolupdyrlar, wizantiýalylaryň köpsanly harby güýçlerini derbi-dagyn edipdirler. Köpsanly şäherlerdir-obalar eýelenipdir. Hatda, Ahlat ýaly şäherler tutuşlaýyn türkmenleşdirilipdir. Ýöne entek Anadoly topraklary bütewileýin eýelenmändi. Anadolunyň derwezelerini türkmenlere doly açjak Malazgirt ýeňşi entek öňdedi…

ALP ARSLAN WE ROMAN DIOGEN

Wizantiýa imperiýasynyň meşhur imperatory Roman Diogen IV soltan Alp Arslanyň mynasyp garşydaşy bolupdyr. Ol imperator Konstantin Dukas ölensoň, 1068-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda tagta geçipdir. Roman Diogen tagta geçen gününden türkmenleriň Anadoly topraklaryna «tolkun-tolkun bolup akyp gelýän» güýçleriniň öňüni almagy özüne esasy wezipe edinip alypdyr. Imperator Anadolyny türkmenlerden gaýtaryp almak üçin birnäçe ýörişler gurapdyr.

Roman Diogen 1068-nji ýylyň mart aýynda franklardan, makedoniýalylardan, uzlardan (hristian oguzlar) howlukmaçlyk bilen toplan goşuny bilen türkmenlere garşy ýörişe çykypdyr. Ol Kaýsary Diwrigi Toros daglary Halap ýoly bilen günorta tarap hereket edipdir. Menbiç galasyny zabt edip, gyş aýlarynda Konstantinopola (Stambul) dolanypdyr. Indiki ýyl imperator Kaýsary, Palu, Siwas etraplaryna ýöriş gurapdyr. Emma bu ýörişler türkmenleriň Anadola içgin aralaşmagynyň öňüni alyp bilmändir.

1070-nji ýylda Roman Diogen serkerdeleri Manuel Koginenosy we Nikephorosy türkmenleriň garşysyna ýörişe ugradypdyr. Emma Alp Arslanyň batyr serkerdesi, oguzlaryň ýiwe boýundan bolan Arsygan beg Siwasyň golaýynda bolan söweşde olaryň ikisinem ýesir alypdyr. Alp Arslanyň wizantiýalylara garşy gaça uruş tilsimi Roman Diogeniň etsem-petsemlerini puja çykarypdyr.

Alp Arslanyň goşunynyň iki bölege bölünip, bu topraklardan çykyp ugrandygyny duýan Roman Diogen türkmen goşunynyň bir bölegini yzarlap gidipdir.

Wizantiýa imperatory öz goşunlary bilen, soltan Alp Arslanyň saýlap alan, «gaçdy-kowdy» usuldaky «lt urşy» harby hereketini ulanýan türkmen atlylaryna hiç bir zyýan ýetirip bilmejekdigine göz ýetireninden soň bolsa esgerleriniň bir toparyny Malatyýa topraklaryna iberipdir. Özi bolsa goşunynyň bir bölegi bilen Halap topraklaryna çozup giripdir, ýykyp- ýakypdyr.

Bu baradaky habarlar gelip ýeteninden soň, soltan Alp Arslan Halaba goşun iberipdir. Galalaryň birini gabawa salan wizantiýalylaryň üstüne iberilen türkmen atlylarynyň ýyldyrym çaltlygynda çozup gelmekleri duşman goşunyny perişan edipdir. Wizantiýalylaryň arasyna gorky aralaşypdyr. Hatda, söweşe girişip ýetişmedik goşun saplary bulara kömege-de barmandyrlar.

Imperator Stambula dolanyp gelipdir. Roman Diogen eden harby hereketleri bilen türkmenleri ýeňip bilmedigine örän ahmyr edipdir. 0l bir ýyllap goşunyny taýýarlap, 1070-nji ýylda, türkmenleri Anadoly topraklaryndan çykarmak ugrundaky hereketlerine täzeden başlapdyr. Kaýsarynyň töwereginde ornaşan türkmenler Wizantiýa goşunynyň ýetip gelýänini eşidip, türkmenleriň gür ýaşaýan ýerlerine tarap çekilipdirler. Imperatoryň goşuny olaryň yzyna düşüpdir, Ýefrat derýasyny geçip, olary yzarlapdyr.

Şol döwürlerde imperatoryň Malatyýada goýup gaýdan serkerdesi Romanopolisiň goşuny türkmenler tarapyndan kül-peýkun edilipdir. Onuň ähli goş-golamlary türkmenleriň eline geçipdir.

Kowalanmadan gaçyp sypan Wizantiýa esgerleriniň käbirleri zordan janlaryny halas edip, hökümdarlarynyň ýanyna ýetipdirler. Imperator türkmen goşuny bilen öz goşunynyň arasynda uly söweş bolmagyny isläp, ol welaýatdan bu welaýata aşyp ýörüpdir. Türkmenler bolsa «gaçdy- kowdy» oýnuny oýnap, dürli ýerlerde harby hereketleri amala aşyryp, özleriniň san taýdan azlygy sebäpli imperatoryň esasy goşunynyň garşysyna çaknyşyga hiç çykmandyrlar. Roman Diogen türkmenleriň Konýa şäherine girendiklerini, soňra uzak eglenmän çekilendiklerini eşidipdir. Ol, türkmenleriň bu toparynyň geçip biläýjek ýollaryny baglamagy serkerdelerine buýrupdyr. Emma, olaryň bu eden hereketleri-de boşuna bolupdyr. Türkmenler rahatlyk bilen Silifke daglaryny aşyp, Tarsus düzlügine gelipdirler, ol ýerden-de Halaba aşypdyrlar. Imperator ýene-de ahmyr bilen Stambula dolanyp gelipdir. Ol türkmenler meselesini belli-külli çözmek üçin uly ýörişe taýýarlyk görüp başlapdyr. Onuň niýeti türkmenleri Anadolydan kowup çykaryp, Eýrana çozmakdy, seljuklaryň paýtagt şäherini eýelemekdi. Emma taryh bu meseläni başgaça çözüpdir.

TÜRKMENLERE ŞAN GETIREN MALAZGIRT

Döwletiniň gündogar serhetlerinde söweşjeň türkmenleriň peýda bolmagy Wizantiýa imperatory Roman Diogen IV-ni ynjalykdan gaçyrypdyr. Rum kaýsarynyň (türkmenler Wizantiýa imperatoryny şeýle atlandyrýardylar) aladasynyň ýetik mahaly Alp Arslan Siriýa ýörişini üstünlikli amala aşyrýardy. Häzirbegjandan Siriýa tarap hereket eden Alp Arslan ýolugra Wizantiýanyň elindäki, ermeniler tarapyndan goralýan Malazgirt galasyny (bu gala Gündogar Anadolyda, Wan kölüniň golaýynda ýerleşýär) bir hüjümde zabt edipdir. Meýýafarykin (Silwan), Amyd (Diýarbekir) töwereklerini boýun egdiripdir. Alp Arslan Urfa şäherini iki aýlap gabapdyr. Galanyň häkimi 50 müň dinar töleg tölänsoň, gabawy aýryp, Halaba tarap hereket edipdir.

Roman Diogen türkmenleri öz imperiýasynyň topraklaryndan yzyna kowup çykarmaklygy maksat edinip, 1070-1071-nji ýyllaryň sepgidindäki gyş paslynda uly bir goşun toplapdyr. Onuň düzüminde Balkan yurtlaryndan hem-de Bitinýa, Kappadokiýa, Kilikiýa, Trabzon ýaly welaýatlardan esgerler toplanypdyr. Musulman we hristian çeşmelerinde bu goşunyň sany 200 müňden 600 müňe çenli aralykda diýlip görkezilýär. Bu goşun dürli halklardan düzülen eken. Bolgarlar, slawýanlar, nemesler (gotlar), franklar, ermeniler, gürjiler, hazarlar, peçenegler, uzlar (hristian oguzlar), gypjaklar Roman Diogeniň bu agyr leşgeriniň düzüminde bolupdyr. Döwrüň çeşmelerinde uzlaryň 15 müň atlysynyň wizantiýa goşunynyň esasy zarba urujy güyji bolandygy nygtalýar. Wizantiýa goşunynda agyr yükleri daşaýan 3 müň araba, köp sanly dürli görnüşli hüjüm ediş gurallary bar eken. Bu gurallaryň biri örän uly daşlary zyňyp bilýan ägirt goçak bir manjynyk bolupdyr. Ol gural 1200 kişi tarapyndan ulanylypdyr.

Wizantiýa imperatory Roman Diogen agyr goşuny bilen 1071-nji ýylyň mart aýynyň 13-inde Ystambyldan (Konstantinopoldan) ýola çykypdyr. «Seljuknama» eserinde onuň ýola çykmazdan öň Aýasofýa ybadathanasynda dini ybadatlary amala aşyrandygy aýdylýar. Imperator Eskişehir tarapdan Gyzylyrmak derýasyny geçip, Siwasa barypdyr. Siwasdan Erzuruma baransoň, 20 müň adamlyk goşunyny Gürjüstana, 30 müň adamlyk goşunyny bolsa Malazgirt we Ahlat etraplaryna yollapdyr. Olara uly goşunyň geçjek ýoluny saýlap almak hem-de azyk ätiýaçlygyny taýýarlamaklyk tabşyrylypdyr.

Soltan Alp Arslan Roman Diogeniň herekete geçen döwürlerinde Halap ilindedi. Ol Halapdan Şama tarap ugrapdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Esir bolsa «Kämil taryh» kitabynda soltanyň bu habary Häzirbegjanyň Hoý şäherinde alandygyny ýazýar. Soltan derhal weziri Nyzamylmülki ýanyna çagyryp, aýaly Sapariýe hatyny, çagalaryny Hemedana ýollapdyr, goşmaça kömek ibermek barada Mara habar ýetirmegi buýrupdyr.

Soltan Alp Arslan Wizantiýa goşunynyň tabyny barlamak üçin Ahlat etrabyna barlag ýörişini geçiripdir. 1071-nji ýylyň awgust aýynyň 24-nde seljuklaryň öňçi kuwwatlary-çarkajylar Wizantiýanyň öňçi birliklerini dargadypdyr. Ýesir düşen serkerde Basilakesden wizantiýa goşunynyň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlar alnypdyr. Olja alnan uly haç öňdäki uly ýeňşiň buşlukçysy hökmünde Bagdat halyfyna gowşurmak üçin Hemedanda bolan Nyzamylmülke iberlipdir.

Söweş taýýarlyklaryny tamamlan Alp Arslan Malazgirdiň 10-12 km golaýyndaky Rahwa (Zahwa) sährasynda öz goşunynyň karargähini gurupdyr. Soltan wizantiýalylaryň orta goýup biljek iň köpsanly we soňky güýçleri bilen duşuşmak pursatynyň ýetip gelendigini duýupdyr. Roman Diogeniň Malazgirtdäki türkmenleri gysaja salandygyny eşidip, Alp Arslan ol ýere tarap hereketini çaltlandyrypdyr. Beýle çalt ýörişe agyr goşunyň ählisi ukyply däldi. Şonuň üçinem soltan ýanyna iň çakgan, ekabyr, batyr ýigitlerini alyp, ýyldyrym çaltlygynda hereket edipdir. Ol goşunynyň esasy bölegini Şamy boýun egdirmek üçin ol ýerde galdyryp gaýdypdyr. Alp Arslan seljuk goşunynda Togrul begiň döwründen bäri gulluk edýän, ýaşy bir çene baran esgerlere rugsat berip, öýlerine ýollapdyr, olaryň ýerine gujur-gaýratly ýaş esgerleri alypdyr. Elbetde, Wizantiýa imperatory bilen garşylaşanynda Alp Arslanyň esgeriniň sany 15 müňden köp bolmandyr. Emma, muňa garamazdan, goşun, «söweşde ýüz müňe taý bolan», Görogly ýaly gaýratly, gaýduwsyz ýigitlerden düzülipdir. Bu ýigitlere soltanyň daşyny gallap duran Sawtegin, Aýtegin, Taraň beg, Afşin beg, Porsuk beg, Saltyk beg, Tugak beg, Danyşmend beg, Meňňijik beg, Göwheraýyn ýaly dogumly serkerdeler baştutanlyk edipdirler.

Wizantiýa imperatory Malazgirde geleninde daş-töweregindäki depelerde türkmen esgerleriniň ýerleşendigini görüpdir we şol ýerde karargähini gurupdyr. Ol gün agşamyň garaňkylygy aralaşan badyna türkmen ýaýçylary wizantiýa goşunlarynyň üstüne ok ýagdyrmaga başlapdyrlar. Az sanly atly goşun birlikleri duşman goşunynyň saplaryna darap, duýdansyz hüjümler edip, olary was-wasy ýagdaýa salypdyrlar.

Şol günüň ertesi, 1071-nji ýylyň awgust aýynyň 26-sy güni iki goşunyň arasynda gazaply söweş bolupdyr. Bu söweş «Malazgirt meýdan söweşi» ady bilen taryha giripdir.

Garpyşmaly iki goşunyň arasynda birnäçe tapawutlar göze ilýärdi. Wizantiýa goşuny san taýdan agdykdy. Ýöne ol dürli milletlerden, tapawutly dini ynançly adamlardan, biri-birine düşünmeýän, hatda duşman bolan toparlardan düzülendi. Onuň sepiniň gowşakdygy eýýäm türkmenler bilen ilkinji çaknyşykda aýan bolupdy. Käbir serkerdeleriniň turuwbaşdan ökjäni göterip başlamagy imperatory uly alada goýupdy. Göwni iňkisden doly Roman Diogen serkerdelerine özüne wepalydygy barada kasam etdiripdir. Olara täze ýerlere häkimlik wadasyny beripdir. Wizantiýa goşunyna ýetmeýän esasy zat esgerleriň agzybirligi hem-de söweşjeň ruhudy. Alp Arslanyň goşuny, san taýdan azam bolsa, öz soltanyna wepalydy. Olaryň ählisi ölümini boýnuna alan esgerlerdi.

Duşmanyň san taýdan köplükdigi soltan Alp Arslany endişä goýupdyr. Bardy-geldi şehit düşäýse, ogly Mälik şanyň mirasdüşer bolmalydygyny aýdyp, esgerleriniň oňa wepaly boljakdygyna kasam etdiripdir.

Soltan Alp Arslan başaryp bolsa Wizantiýa bilen boljak uly çaknyşygyň öňüni almaga çalşypdyr. Şu maksat bilen Bagdat halypasynyň ilçisi bilen bilelikde öz wekili Sawtegini imperatoryň ýanyna ýollapdyr. Ilçiler imperatoryň huzuryna soltan Alp Arslanyň iki döwletiň arasynda hemişelik parahatçylygy we dostlugy ýola goýmak baradaky teklibini ýetiripdirler. Imperator Roman Diogen IV ilçiniň parahatçylyk ylalaşygy baradaky habaryny eşidende «türkmenler menden gorkýar, şonuň üçin hem maňa parahatçylyk ylalaşygyny teklip edýär» diýip düşünipdir. Taryhçy Ibn Esiriň ýazmagyna görä, imperator soltanyň ilçilerine: «Ýaraşyk Reýde (Tähranyň golaýynda awt.) baglaşylar» diýip jogap beripdir. Imperator: «Yspyhan oňatmy ýa-da Hemedan?» diýip, ilçilerden sorapdyr. Goşunynda esgerleriniň sanynyň köpdügine baýrynan Roman Diogen IV Hemedanyň sowugrakdygyny eşidensoň: «Biziň özümiz Yspyhanda, mallarymyz bolsa Hemedanda gyşlar» diýip ilçileriň üstünden gülmekçi bolupdyr. Jany ýanyp duran türkmen ilçisi oňa şeýle jogap beripdir: «Haýwanlaryňyz Hemedanda gyşlar, yöne siziň nirede gyşlajagyňyzyň bellisi yok».

Taryhçy Ibn Jöwziniň ýazmagyna görä, wizantiýa imperatory Alp Arslana şu jogaby iberipdir: «Men bu duşuşyga, örän köp pul sarp edip, köp esger ýygnap geldim. Indi şeýle sizden üstün gelýän ýagdaýa ýetenimden soň nädip yzyma gaýdaýyn. Örän giç!… Parahatçylyk ylalaşygy diňe Reýde baglaşylyp bilner. Men Yslam ülkelerine hem öz ülkäme häkim bolşum ýaly häkim bolmak umydymdan el üzmerin».

Malazgirt meýdanynda boljak söweşiň tutuş yslam dünýäsi üçin ähmiýeti uludy. Bu söweşde gazanyljak ýeňiş türkmenler üçin bol suwly, otlagly, ýaýlagly, hemişe gök öwsüp duran jenneti mekanyň Anadolynyň derwezelerini hemişelik açjakdy. Bagdat halypasy yslam dininiň wepaly goragçylary bolan türkmenleriň bu söweşde ýeňiş gazanmagyny dileg edip, ähli metjitlerde doga edilmegini emr edipdir.

Söweş bolmazyndan bir gün öň, agşamara seljuk goşunynda duşmany dowla düşürmek niýeti bilen uzyn gijeläp mehterler bilen boru, dowul, nagara we beýleki saz gurallarynda söweş sazlary çalnypdyr. Ertirki ýeňiş üçin dogalar okalypdyr.

1071-nji ýylyň tomsy. Türkmen ýyl hasaby bilen awgust aýynyň 26-sy, hepdäniň Anna güni. Beýik soltan Alp Arslan esgerlerini toplap, juma namazyny kyldy. Allatagala doga edipdir: «Ýa rebbim, seni özüme wekil edýärin, beýikligiň öňünde başymy egýärin hem-de seniň ugruňda söweşýärin. Eý, Taňrym! Niýetim tämizdir, halysdyr, maňa kömek et, sözlerim ýalan bolsa, meni öz gazabyňa duçar eýle!». Esgerleri hem soltany bilen doga edip, «Omyn» diýipdirler. Alp Arslan namazdan soňra ak eşiklerini geýdi. Ata-babalarynyň däbine türkmen töresine laýyklykda atynyň guýrugyny elleri bilen daňyp ördi. Okuny-ýaýyny goýup, eline gylyjyny we topuzyny aldy. Segräp atyna atlanan soltan esgerlerine yüzlenip: «Eý, esgerlerim! Eger şehit bolaýsam, bu ak lybasym meniň kepenim bolsun. Şol wagt meniň ruhum göklere çykar. Mälik şany ýerime tagta çykaryň we oňa tabyn boluň. Ýeňiş gazanaýsak, öňümizde köp haýyrly günler bolar». Ýene-de esgerleriniň söweşjeň ruhuny galkyndyrmak üçin şeýle diýipdir:

«Biz näçe az bolsak bolaly, olar (wizantiýalylar) näçe köp bolsa bolsunlar, bütin musulmanlaryň metjitlerde biziň üçin doga edilýän şu pursadynda özümi duşmana garşy söweşe oklaýaryn. Ýa üstünlik gazanyp, maksadyma ýeterin, ýa-da şehit bolup, jennete düşerin. Kim meniň bilen gitse, yzyma düşsün, yzyna dolanmagy rowa görenler yzyna dolansyn. Bu ýerde buýruk berýän soltan-da ýok, buýruk berilýän esger-de ýok. Alladan başga soltan ýokdur. Ähli buýruk onuň elindedir. Bu gün men edil siziň biriňiz ýaly söweşiji gazydyryn. Şonuň üçinem söweşmek üçin meniň bilen öňe gitmek-de, ýa-da aýrylyp, yza dolanmak-da siziň öz ygtyýaryňyzdadyr».

Soltanyň bu sözleri esgerlerine örän ýiti täsir edipdir. Gözlerinde söweş ody uçganaklaýan esgerleriň ählisi: «Alla şaýatdyr, emriňden aýrylmarys!» diýip gygyryşypdyrlar. Esgerleri şeýdip ruhy taýdan galkyndyrmak söweşiň ykbalyny çözüpdir.

Malazgirt söweşiniň öň ýanynda seljuk goşunynda bolup geçen ruhy ahwalatlar barada orta asyr taryhçysy lbn’ül-Jewzi şeýle ýazýar: «…Soltan iň soňky demine çenli söweşmeli diýen pikire geldi. Ol wezirine we goşun serkerdelerine şeýle diýip ýüzlendi: «Men bu söweşde, Allanyň razylygy üçin çydamlylyk edip, özlerini howpuň girdabyna atanlar ýaly söweşerin. Eger söweşde ýeňip ölmän galaýsam, has gowusy (Beýik Taňrydan şoňa-da garaşýaryn), eger tersine bolsa, onda oglum Mälik şany diňlemegiňizi we ony meniň ýerime geçirip, hökümdar hökmünde tanamagyňyzy wesýet edýärin. Has öň muny onuň özüne duýduryp, maslahatlar beripdim». Serkerdeler «gulluk» diýip jogap beripdirler».

Türkmen goşunynyň söweşe taýýarlanýan pursatynda Wizantiýa goşunynda dini dabaralar geçirilipdir poplar ellerindaki haçlary bilen esgerleri ruhlandyrmaga çalşypdyrlar. Gün öýleden agansoň, iki goşun hem biri-biriniň garşysynda söweş nyzamyna düzülipdir. Wizantiýa goşunynyň merkezinde imperatoryň özi, sol ganatda ýerleşen Anadoly birliklerinde Kappadokiýaly Aleates, sag ganatdaky Rumeli birliklerinde Nikephoros Brýennios, yzdaky kömekçi kuwwatlaryň başynda bolsa Andronikos durupdyr.

Bu söweşiň geçen wagtynda bütin musulman äleminde soltan Alp Arslanyň ýeňşi üçin halypa tarapyndan iberilen hutbalar metjitlerde okadylypdyr. Söweşde ýekeje türkmen esgeri hem öz hökümdaryny taşlap gitmändir. Soltan Alp Arslan Türkmen üstüne ak reňkli egin-eşikler geýnip: «Bu meniň kepenim bolsun» diýipdir. Wepadar dosty bolan atyna hem ak ýapynja ýapypdyr. Şehit bolup ýykylan ýerinde gömülmesini isläpdir. Soňra bolsa özüniň ýönekeý bir esgerdigini görkezmek üçin asylzadalyk, hökümdarlyk alamatlarynyň biri bolan, gymmat bahaly bezelen altyn ýaýyny we oklaryny taşlap goýberipdir, biline gylyjyny dakypdyr, eline topazyny (käbir edebiýatlarda gürzüsini) alypdyr. Atynyň guýrugyny örüp daňypdyr.

Soltan Alp Arslan öz goşunyny dört bölege bölüpdir. Özi az mukdardaky atlylar bilen bilelikde merkezi bölege baştutanlyk edipdir. Goşunyň esasy bölegini tutýan iki bölegini sag we çep ganatlaryny golaýdaky depeleriň aňyrsynda bukuda ýerleşdiripdir. Has uzagrakda ýerleşen dördünji zarba urujy bölüm bolsa duşman gabalyp, duzaga düşürilensoň ony çym-pytrak etmelidi. Okçularyň goldawy astynda türkmen goşunynyň merkezdäki zarba urujy bölegi Wizantiýa goşunyna tarap okdurylypdyr. Şeýlelikde, döwrüniň iň uly jeňleriniň biri, Malazgirt meýdan söweşi başlanypdyr. Kös, boru, dowul ýaly söweş saz gurallarynyň galmagaly astynda türkmenler «Alla!» diýip, duşmanyň üstüne at goýupdyrlar.

Alp Arslan Malazgirt söweşinde duşmanlaryna garşy türkmenleriň «Gurt oýny», «Ýarymaý» söweş tilsimlerini ulanypdyr. Goşunynyň az sanly öňçi kuwwatyny duşmanyň üstüne sürüpdir. Türkmenler pahna şekilinde bir zarbada duşman goşunynyň arasyna giripdirler. Soňam ýalandan ýeňilýän, gaçýan ýaly görnüş döredip, yza çekilipdirler. Bu yza çekilmäni garşydaşynyň ýeňlişi hasap eden Wizantiýa goşuny olary kowalap, Alp Arslanyň öňden bukuda goýan güýçleriniň duzagyna düşüpdir. Seljuk türkmenleriniň goşunynyň sag we çep ganatlaryndaky güýçleri ýarymaý şeklinde wizantiýa goşunynyň töweregine aýlanypdyrlar. Taraň begiň bukudaky güýçleri bolsa gabaw halkasyny has daraldyp, wizantiýalylaryň ýeňse tarapyndan hüjüme geçipdirler. Bukudaky seljuk türkmenleriniň harby bölümleri Wizantiýa goşunyny çar tarapdan gysaja salyp, onuň üstüne umumy hüjüme geçipdirler. Imperator Roman Diogen şol kowalap gidişine agşam ýakynlaşanda öz ýalňyşyna düşünipdir we esgerlerine yza çekilmäge buýruk beripdir.

Söweşiň gazaply gidýän pursatynda, duşmanlarynyň öz ene dillerinde gürleşýändiklerini eşiden, Wizantiýa goşunynyň sag we sol ganatlarynda ýerleşen Tamyş begiň baştutanlygyndaky peçenegler we isaýyçylyga uýýan türkmenler bolan uzlar seljuk türkmenleriniň tarapyna geçipdirler. Muny gören Wizantiýa goşunynyň arasyna dowul düşüp, bozguna ugrapdyr. Söweşiň jygba-jygbaly pursatynda Wizantiýa goşunynyň ýardamçy kuwwatlarynyň baştutany Andronikos Dukas imperatoryň ölendigini yglan edip, söweş meýdanyny taşlap gidipdir. Ermeni güýçleri hem uruşmagyny bes edipdir.

Soltan Alp Arslan bolsa söweşiň gidişini öz gözegçiliginde saklaýardy. Güyçlerini paýlap, olary gerekli ýerine ugradýardy. Özi hem gylyjyny syryp, söweşe girýärdi. Serkerdesi Aýtegin bolsa soltanyň öňünde başyny egip, oňa öz janyny goramagy towakga edipdir. Gün batýança söweşiň ykbaly çözülipdir. Wizantiýa goşuny agyr ýeňlişe sezewar bolupdyr. Ibn Esiriň ýazmagyna görä, söweş meýdany öldürilenleriň jesetlerinden dolupdyr Imperator Roman Diogeni Şady atly türkmen ýigidi ýesir alypdyr. Şady Alp Arslanyň ilçileri bilen gidip, imperatoryň huzuryna baran türkmen esgerleniň biri bolupdyr we ony tanapdyr.

Soltan Alp Arslan huzuryna getirilen ýesir imperator Roman Diogeni uly merhemetdir sarpa bilen garşylapdyr. Ondan näme üçin ilçi iberip, ýaraşyk baglaşmakçy bolanynda bu teklibi ret edendiginiň sebäbini sorapdyr. Imperator oňa: «Men kysmatyma kaýyl, maňa artykmaç azar berip zat sorap durma-da, isläniňi et!» diýip jogap beripdir. Soltan ondan: «Eger men saňa ýesir düşen bolsam, näme ederdiň?» diýip sorapdyr. «Duşmana näme edilýän bolsa, şony ederdim, öldürerdim» diýip imperator jogap beripdir. Alp Arslan imperatora: «Men seni näder öýdýärsiň?» diýip ýüzlenipdir. Imperator oňa: «Meni öldürersiň ýa-da ýeňşiňi ile ýaýmak üçin boýnuma zynjyr urup, musulman ülkelerine aýlarsyň. Üçünjisini aýtmaga bolsa dilimem baranok» diýipdir. Alp Arslan imperatora: «Aýt, kaýsar, çekinme» diýipdir.

Roman Diogen Alp Arslana: «Meni tagtyma oturdarsyň, menden saňa dostluk galar, ýyllyk bergimi ödärin, saňa tabynlykda galaryn. Islän wagtyň atlylarym bilen sana kömege ýetişerin. Meni öldüräýseňem saňa peýda bolmaz. Ýerime başga birini imperator goýarlar, o-da saňa duşman bolar» diýip jogap beripdir. Soltan Alp Arslan oňa: «Hawa, men hut şony hem etmekçi bolýaryn!» diýipdir. Imperatoryň söweş mahalynda ulanan tagtyny öz tagtynyň gapdalynda goýup, ony tagtynda oturdypdyr. Ýewropada ýesir düşenleriň zynjyr bilen urlup, zyndanlara taşlanýan zamanynda Alp Arslan türkmen hökümdaryna mahsus adyllygyň, merhemetliligiň, geçirimliligiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir Roman Diogeni ýesirlikden boşadypdyr. Ýesir alynan esgerler hem boşadylyp goýberilipdir. Iki hökümdaryň arasynda ýaraşyk barada ylalaşyk baglaşylyp, oňa laýyklykda imperator bir ýarym million dinar öweztölegini tölemelidi. Ol Beýik seljuk türkmen döwletine her ýylda 360 müň altyn dinar tölemäge borçlanypdyr. Wizantiýanyň çäklerinden ähli musulman ýesirler boşadylmalydy, zerur halatynda imperator soltana goşun ýollamalydy. Malazgirt, Urfa, Membiç, Ahlat, Antakýa etraplary seljuklaryň eline geçmelidi. Roman Diogen Alp Arslana bu şertleri ýurduna gaýdyp baryp, tagty eýeläninden soňra ýerine ýetirjekdigini duýdurypdyr.

Soltan Alp Arslan Roman Diogeni bir hepdeläp aýratyn çadyrda myhman alansoň, watanyna ugradypdyr. Ony ep-esli menzile çenli hut özi ýola salypdyr. Imperatora on müň dinar ýol harjyny hem beripdir. Ýanyna bir bölek esger goşup, ony serhede çenli ugratmagy tabşyrypdyr. Roman Diogen ýurduna baranda tagta täze geçen imperator Mihail tarapyndan tutulyp, gözleri oýulyp, zyndana taşlanypdyr. Beýik türkmen soltany Alp Arslan tarapyndan uly merhemet edilen Rum kaýsary öz ilinde gözgynylykda aradan çykypdyr.

Malazgirt meýdanynda gazanylan ýeňiş türkmenleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýypdyr. Alp Arslan bütin yslam ülkelerine ýeňiş habaryny ýollapdyr. Bagdat halypasy el-Kaim bi-emrilla iberilen habar 1071-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-nde uly märekäniň öňünde okalypdyr.

Hyýalymyzda wagtyň çarhyny 935 ýyl yza aýlalyň! 1071-nji ýyl. Awgust aýynyň 26-sy. Malazgirt meýdany. Türkmenleriň 15 müň adamly goşuny Wizantiýanyň 200 müň adamly goşunynyň garşysynda. Beýik soltan Alp Arslan namaz okap, doga kylandan soň, şehitlik kepenini geýýär. Esgerlerini söweşe ruhlandyrýar. Ata-baba aslyňa ar getirmejek bolsaň, hökman bu söweşde ýeňäýmelidi. Türkmenler bu gazaply söweşde ýeňiş gazanýarlar. Hawa, Türkmeniň Beýik ogly Alp Arslan Malazgirtde türkmeniň şanyny dünýä ýaýan soltandyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ prorektory.

Kakajan BAÝRAMOW

Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Taryh we arheologiýa institutynyñ uly ylmy işgäri.

12 Yorumlar
  1. Has Türkmen diyor

    Altaylı.net. saýtynyñ dolandyryjylaryna, ähli awtorlaryna, agzalaryna we okyjylaryna köp dogaýy salamlar bolsun! Türkmen alymlarynyñ gymmatly makalalaryny paýlaşandyklary üçinem Alla sizden razy bolsun!

    Altaylı.net sitesinin yöneticilerine, tüm yazarlarına, üyelerine ve okurlarına saygılar selamlar olsun. Türkmen alimlerinin değerli makalelerini sitenizde yayınladığınız için’de çok minnetdarız! Inşallah Türkmenistanlı tüm araştırmacı yazarlarımızin, tarih severlerimizin buluştuğu site olacaktır bu site. Yüce ve Ortak gaye ugrunda ortak dili yaratmak için tüm türk dünyasinden gelen bunun gibi makaleleri yerel türk dilinde yayınlamak şarttır bence. Hayırlı uğurlu olsun!

    1. Zara diyor

      Ellerinize emeğinize sağlık. Çok güzel olmuş paylaştığınız için teşekkür ederim minnettarım. Başarılarınızın devamını dilerim. Herkese sevgi ve saygılarımı arz ederim.

      1. Öğrenci diyor

        Türkmen araştırmacılarından makaleler daha da yayınlarmısınız lütfen

        1. Altayli diyor

          Merhaba,
          İlginize teşekkür ederiz. Yakın zamanda yani makalelerimiz paylaşılacaktır.
          Saygı, sevgi ve iyi dileklerimizle.

  2. Durdyeva diyor

    Salam,Altaylı.net. saýtynyñ dolandyryjylary,biziñ bilen şeýle gyzykly taryhymyzy açyp görkezýän makalalary paýlaşanyñyza diýseñ minnetdardyryn!Men size işlerñizde uly üstünlik arzuw edýärin.Goý geljekde de şeýle ajaýyp makalalaryñ höwri köp bolup,saýtyñ okaýjylary hemişe artyp dursun.

  3. Selbi diyor

    Salam altaylı.net saytynyn dolandyryjylary, bizi bilen şeyle gyzlkly taryhymyzy. Açayp görkezyan makalalary paylaşanynyza diysen minetdardyryn! Men size işlerinizde uly üstünlük arzyw edyarn goy gelejekte de şeyle ajayyp makalalaryn höwrü köp bolub, saytyn okuyjulary hemişe artyb dursun.

  4. Gök Böri diyor

    Altayli.net! Size ullakan sagbolsunlar. Turkmen taryhyny dine Turkmen dal eysem beyleki halklar hem bilmelidirler. Bizin oran beyik taryhymyz bar. Gayratlylygy edermenliligi batyrlygy bilen dunyani ank eden beyik sahsyyetlermizin omur yoluny gorkezmek gaty uly is. Sizede bu isiniz ucin kop kop sagbolsunlar. Allah sizden razy bplsun.

  5. Teke Türkmen diyor

    Altayli.net! sitesinin yöneticilerine çok teşekkür ediyorum.

  6. Teke Türkmen diyor

    Altayli.net! sitesinin yöneticilerine çok teşekkür ediyorum.
    Mundan beylägem Sizin öz saytınızda Türkmeniñ geçmişindäki edermen soltan, han-begler hakındakı goyyan yazılarıñızı okamagı arzuv edyän.

    1. Alpay diyor

      Çok degerli makale

  7. YOLCU diyor

    Çok güzel aydınlatıcı bir yazı olmuş.Altaylı net.çok çok teşekkürler..

  8. Mayo Clinic diyor

    Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

Cevap bırakın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak.